Sign up
Forgot password?
FAQ: Login

Seýdi Seýitnazar. Goşgular

  • pdf file
  • size 424,37 KB
Seýdi Seýitnazar. Goşgular
Aşgabat: Turan, 1991. — 53 sah.
G.Gurbansähedowyň redaksiýasy bilen.
Seýdi Lebap boýunda, Garabekewüliň Lamma obasynda dogulýar. Ol Lebap we Buhara medreselerinde sowat alýar. Gündogar taryhyny we edebiýatyny çuň bilýär. Şol wagtlaryň "Diwan" şygryýetini çuň özleşdirýär. Nowaýy (Hyrat) we Fuzuly (Kerkuk) mekdebinden hem habarly. Ol Hatyja we beýleki türkmen gelin-gyzlaryna bagyşlap ençeme yşky şygyrlary, Buhara agalygyna garşy söweşjeňlik äheňindäki goşgulary döredýär. Ol milli azatlyk aýdymçysydyr. Şygryýet bu serkerde şahyr üçin söweş gimnleridir, ýöriş surnaýydyr. Buharanyň hüjümleri Seýdini gözel Lebapdan aýryp, Mara tarap kowýar. Ol Mary-Hywa gepleşiklerinde uly orun eýeleýär. Mary we Maşat gatnaşyklarynda-da Seýdi görünýär. Onun poeziýasy, bir taýdan, çakylyk, beýleki taýdan, taryhy günleriň ýylýazgysyna çalym edýär. Hakyky söweşjeňlik ruh we anyk taryhy material onuň şygyrlarynda has agdyklyk edýär.
  • Sign up or login using form at top of the page to download this file.
  • Sign up
Up