Sign up
Forgot password?
FAQ: Login

Toýlyýew G. we başg. Fizika 11 synp

  • pdf file
  • size 3,04 MB
  • added by
  • info modified
Toýlyýew G. we başg. Fizika 11 synp
Umumy orta bilim berýän mekdepleriň XI synpy üçin synag okuw kitaby. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.
Ýagtylygyň tebigaty. Ýagtylygyň tolkundygyny köp tejribeler subut etdi. Makswelliň teoriýasy elektromagnit tolkunynyň bolmalydygyny, ýagtylyk tolkunlarynyň hem elektromagnit tolkunydygyny görkezdi. Gersiň tejribeleri elektromagnit tolkunynyň bardygyny, onuň häsiýetleriniň ýagtylyk tolkunlarynyň häsiýetleri bilen gabat gelýändigini ýüze çykardy.
Haýsydyr bir wagt pursadynda tolkunyň baryp ýeten nokatlarynyň geometrik ornuna tolkun üsti (tolkun fronty) diýilýär. Tolkun üstüniň ähli nokatlarynda yrgyldylar deň fazada bolýarlar. Şonuň üçin tolkun üstüne deň fazalar üsti hem diýilýär. Tolkun ähli tarapa deň tizlik bilen ýaýrasa, ýagny sreda izotrop bolsa, onda nokatlanç tolkun çeşmesinden çykýan tolkunyň fronty islendik wagt pursadynda sferik üst bolar, çäksiz tekizlik görnüşindäki tolkun çeşmesiniňki bolsa özüne parallel tekiz üst bolar.
  • Sign up or login using form at top of the page to download this file.
  • Sign up
Up