Umumy orta bilim berýän mekdepleriň VIII synpy üçin okuw kitaby. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017.
Gadyrly okuwçylar! Siz 6-njy we 7-nji synplarda fizika dersi boýunça fizikanyň tebigat baradaky ylymdygyna göz ýetirdiňiz. Maddalaryň gurluşyny, jisimleriň mehaniki hereketini, özara täsirini, tizligini, massasyny hem-de gaty jisimleriň, suwuklyklaryň we gazlaryň basyşyny beýan edýän kanunlary, kanunalaýyklyklary öwrendiňiz. Ol kanunlara esaslanyp ýasalan tehniki desgalaryň nirelerde ulanylýandygyny öwrendiňiz. Iş, energiýa, kuwwat, jisimleriň deňagramlylygy, mehaniki yrgyldylar, tolkunlar we ýylylyk hadysalary bilen tanyş bolduňyz. Siz 8-nji synpda biziň gündelik durmuşymyza çuň ornaşan elektrik togy, elektrik naprýaženiýesi, elektrik togy bilen işleýän birnäçe abzallar bilen tanyş bolarsyňyz. Elektromagnit we ýagtylyk hadysalary hem-de olary häsiýetlendirýän fiziki ululyklar barada düşünjeler alarsyňyz. Atomyň we atom ýadrosynyň gurluşy barada ilkinji maglumatlary alarsyňyz we maddalaryň gurluşy barada öň alan bilimleriňizi çuňlaşdyrarsyňyz. Şeýle hem şu bölümde atom ýadrosynyň baglanyşyk energiýasy, radioişjeňlik, zynjyrly hem-de termoýadro reaksiýalary ýaly birnäçe düşünjeleri öwrenersiňiz we ýadro energiýasynyň ulanylyşyna degişli tehniki desgalaryň işleýşi bilen tanyş bolarsyňyz.