Ashgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2003 - 298 sah. Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy. Goşgular
Eziz türkmen milletim!
Men sizi şu şygyrlar ýygyndysynyň üsti bilen bäş müň ýyl alyslykdan-Oguzhan Türkmenden başlanýan kä ýeňişli, käte ýeňlişli taryhymyzy ruhy akabamyzyň şu güne deňiç hakydasynda ezizlän milli gymmatlyklaryny çuňňur öwrenenimde soňky kalbymda heýjanlyk döreden pikirdir-duýgularymy bir uşlyba düzüp, siziň dykgatyňyza ýetirmegi müwessa bildim. Elbetde, Oguzhan eýýamynyň, Gorkut ata eýýamynyň, Görogly eýýamynyň, Magtymguly
eýýamynyň we Garaşsyzlyk eýýamynyň hersi öz milli
gazananlary-derejeleri bilen parhlanýar. Bäş eýýamynyň milli-ruhy gymmatlyklarynyň bitewileşdirilen şahyrana beýany Garaşsyzlyk döwrümizde pederlerimize, geçmişdäki ruhy dünýämize has oňat düşünmäge görüm-
görelde, öwüt-parasat almaga ýardam berer diýen
ynanjym bar. Biziň eýýamymyz bäş müň ýyllyk ruhy
gymmatlyklarymyzyň her bir türkmeniň kalbynda berk orun almaly, galkynmaly eýýamydyr.
Eziz halkym!
Şygyrlarym seniň ruh ygalkynyşyňa, ruhubelentligiňe
ýaran bolsun! Taňrynyň eçilen dünýäsinde aýdym bolup ýaşalyň!
SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY.