Ashgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2003 - 208 sah. Türkmen ilim aman bolsun. Goşgular
Eziz halkym!
Eliňizdäki bu şygyrlar kitabymy men entek çagakam ýer titremesinden soň ýazyp başladym.Talyp ýyllarym,ondan soňky ýyllar ýekelikde galan pursatlarym şygyrlar toplumynyň birnäçesini gündeligime ýazdym. Şygyrlar toplumynyň galaba bölegini bolsa men garaşsyzlyk ýyllary içinde döretdim we tuguma, tugrama, senama öwrülen käbäm ejem, kyblam atam, ata Watan, Garaşsyz Türkmenistan, durmuş, ahlak gymmatlyklary hakdaky ol şygyrlary bir duýgy-pikir uşlybyna sapdym. Meniň şygyrlarym-meniň ruhy dünýämdir,
ruhubelentligimdir. Size ruhubelentligi arzuw edip,
dykgatyňyza şu şygyrlarymy hödürleýärin, mähriban
türkmen milletim! Men şu şygyrlar kitabymy bäş müň ýyllyk taryhyň käte daşgynly, käte gaýtgynly akabasynyň içinden türkmen diýen beýik adyny galkan edinip, şöhratly we gahrymançylykly ýol geçen, adamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşmagy başaran, asly nurdan dörän beýik türkmen halkyma bagyşlaýaryn.
SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY.