Aşgabat: Ylym, 2011. — 76 s.
Physical Culture
Bedenterbiýe okuw terbiýeçilik işiniň aýrylmaz bir bölegidir. Bedenterbiýäniň berlişi ylmyň gazananlary bilen sazlaşykly bolmalydyr. Orta hünär okuw mekdeplerinde bedenterbiýe sapagynyň okadylmagy hem bu wezipäniň oňyn çözülmegine gönükdirilendir. Sebäbi beden terbiýe dersiniň esasy adam synalaryny beden taýdan ösdürmekden, ylmy taýdan kabul edilen ýörite guramaçylykly işleri alyp barmakdan ybaratdyr. Bu bolsa bedenterbiýe dersiniň bilim ulgamyndaky tutýan ornuny we ähmiýetini artdyrýar.