Aşgabat: Miras, 2004. — 304 s.
Bu gün toparymyzda edebiýaty söýüjiler üçin Seýitmuhammet Saýadynyň "Zöhre-Tahyr" dessanyny hödürleýäris.Seýitmuhammet Saýadynyň «Zöhre-Tahyr» dessany Türkmenbaşy adyndaky TMGI-de bar bolan nusgalar esasynda çapa taýýarlanyldy. Saýadynyň bu dessany Gündogarda giňden ýaýran «Zöhre-Tahyr» ýordumy boýunça döredilen türkmen dilindäki ilkinji ýazarly eserleriň biridir. Saýadydan öň bu dessanyň halk nusgalary ýörgünlidi. Soňra şu ýordum boýunça dessan ýazan Molla Myrat Horezmi (1782-86-1840-45), Mollanepes (1810-1862) hem Saýadynyň «Zöhre-Tahyryndan» görelde we täsir alypdyrlar.