Arap ertekileri. — 2015.
Thousand and One Nights
Megerem türkmen okyjylarynyň içinde "Müň bir gijäniň" adyny eşitmedik ýok bolsa gerek. Şu gün toparymyzda bu eseriň türkmen dilindäki nusgasyny agzalarymyz bilen ilkinji paýlaşýarys. Eýsem "Müň bir gije" nähili eser we nirede döredi? "Müň bir gijäniň" özi, her gün agşam bir gyzy ýanynda ýatyryp, ertesi-de ony öldürýän birehim Şähriýar patyşa hakyndaky hekaýa arkaly birleşdirilen arap ertekileriniň ýygyndysydyr. Ahyrsoňunda, Şähriýar patyşanyň raýatynda başga gyz galmansoň, onuň weziriniň gyzy Şährizada gezek gelýär. Şährizada öz janyny halas etmek üçin oňa gyzykly ertekiler aýdyp bermäge başlaýar-da, daň atansoň, ertekini iň bir gyzykly ýerinde gutarman goýýar. Patyşa bolsa ertekiniň yzyny diňlemek üçin Şährizadany öldürmegi indiki daňdana goýýar. Agşam düşensoň, Şährizada öňki ertekini tamamlap, ikinji ertekini aýdyp bermäge başlaýar-da, ýene ony iň gyzykly ýerinde gutarman goýýar. Şeýlelik bilen, patyşa 1001 gijäniň geçenini duýman galýar. Şährizada şol döwrüň içinde Şähriýara üç ogul dogrup berýär, şonuň üçinem Şähriýar patyşa öz ogullarynyň enesini öldürip bilmeýär.
Bu gymmatly eseri agzalarymyza ýetirmek üçin elektron görnüşe geçiren ýakyn dostum Ýusup Berdiýewe öz adymdan we agzalarymyzyň adyndan çyn ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris.