A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2004 — 160 s.
Türkmen halkynyň milli medeniýetiniň iň oňat nusgalarynyň biri bolan dessanlar şu günki günlerimizde hem ähmiýetini ýitirenok.
Şeýle halk dessanlarynyň biri-de waka ýordumy türki halklaryň arasynda hem meşhur bolan hakyky söygüni, halklaryň arasyndaky doganlyk-dostlugy, ýara wepalylygy, il-ýurda söýgüni, ynsan-perwerligi, belent adamkärçiligi ündeýän, adalatsyzlygy ýazgarýan «Asly-Kerem» dessanydyr. Bu dessan ozal neşir edilen ýygyndylary göz öňünde tutmak bilen Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanylýan iň ygtybarly golýazma we daşbasma çaplary esasynda taýýarlanyldy.