2015.
Şu gün toparymyzda dünýä edebiýatyndan, ABŞ-ly ýazyjy zenan Harper Nell Liniň Bilbili öldürmek romanyny üç dilde, türkmen, iňlis we rus dillerinde hödürleýäris. Bilbili öldürmek ýazyjy zenanyň çagalyk ýatlamalarynyň esasynda döredilen awtobiografik roman diýseňem boljak. Tutuş roman, gahrymanyň özüniň gürrüň bermegi görnüşinde düzülip, wakalar Gözlüje lakamly bezzat gyzjagazyň adyndan beýan edilýär. Ol gyzjagaz Beýik Çökgünçilik döwründe, ýurduň gyrak-bujagyndaky şäherleriň birinde ýaşaýar. Romanyň sahypalarynda ol ulaldygysaýy ynsan kalbynyň dürli röwüşlerine göz ýetirýär. Ol hem-de onuň dogany Jim, uly adamlaryň milletparazçylykly köre-kör düşünjeleriniň, ýalançylygynyň, nadanlygynyň, dar düşünjeliliginiň hem-de ýigrençleriniň dünýäsine biygtyýar goşulmaly bolýarlar.
1962-nji ýylda režissýor Robert Malligan bu romanyň esasynda Bilbili öldürmek ady bilen kinofilmi surata düşürýär. Romanyň baş gahrymanynyň kakasy Attikus Finçiň keşbini filmde, meşhur aktýor Gregori Pek janlandyrýar, şol keşbi üçinem ol ABŞ-nyň kino akademiýasynyň Oskar baýragyny we Altyn globus baýragyny alypdyr.
Kitap pelsepe.com saýtyndan alyndy, şeýle hem bu saýtda Harper Nell Liniň ömri we döredijiligi barada gysgaça tanşyp bilersiňiz.