Sign up
Forgot password?
FAQ: Login

Andalyp Nurmuhammet. Yusup-Züleýha dessany

  • pdf file
  • size 673,19 KB
  • added by
  • info modified
Andalyp Nurmuhammet. Yusup-Züleýha dessany
2014.
Nur­mu­ham­met An­da­lyp türk­men ede­bi­ýa­tyn­da iň köp des­san ýa­zan şa­hyr­la­ryň bi­ri hök­mün­de ta­nal­ýar.Oky­jy­lar onuň Leý­li-Mej­nun, Ýusup-Zü­leý­ha, Ba­ba­röw­şen, Zeý­ne­la­rap des­san­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­lar. Ýe­ri ge­len­de, bu eser­le­riň aý­ra­tyn ki­tap gör­nü­şin­de ne­şir edi­lip, oky­jy­la­ra ýe­ti­ri­len­di­gi­nem aýt­ma­ly­dy­rys.
An­da­lyp Ýusup-Zü­leý­ha des­sa­ny­ny alym­la­ryň tä­ze mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Şir­ga­zy han Hy­wa han­lyk eden döw­rün­de (1715-1723-nji ýyl­lar), şo­nuň tab­şyr­ma­gy bo­ýun­ça ýa­zyp­dyr.Gö­zel­li­giň hem wa­tan­söý­jü­li­giň be­ýik aý­dy­my bo­lan Ýusup-Zü­leý­ha des­sa­ny şa­hy­ryň ne­zi­re­çi­lik däp­le­ri­ne eýe­rip ýa­zan eser­le­ri­niň bi­ri­dir. Ne­zi­re diý­mek, öň bar bo­lan er­te­ki, ro­wa­ýat, des­san sýu­žet­le­ri­ni şa­hy­ryň öz za­ma­na­sy­nyň aň-dü­şün­je de­re­je­sin­den alyp, gaý­ta­dan iş­le­me­gi­dir.Ýusup-Zü­leý­ha ese­ri­niň sýu­že­ti köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da halk­lar ara­syn­da ede­bi hyz­mat­daş­ly­gyň ös­me­gi­ne we ede­bi pro­se­siň ide­ýa-maz­mun hem-de for­ma ba­bat­da baý­laş­ma­gy­na ýar­dam edip­dir. Kä­bir mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bu sýu­žet bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki X asyr­lar­da dö­räp baş­la­ýar. Ol il­ki er­te­ki ro­wa­ýat gör­nü­şin­de arap halk­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den ýaý­rap, soň­ra öz çä­gi­ni has gi­ňeld­ýär. Şu­ňa meň­zeş bir ro­wa­ýat türk­men hal­ky­nyň ara­syn­da hem giň­den meş­hur­ly­ga eýe bo­lup­dyr. Türk­men hal­ky­nyň ara­sy­na ýaý­ran er­te­ki- ro­wa­ýa­tyň gys­ga­ça maz­mu­ny şun­dan yba­rat: Ýusu­byň gö­zel­li­gi­ne, eý gö­rül­me­gi­ne we gel­jek­de eýe bol­jak şöh­ra­ty­na aga­la­ry­nyň gö­zi gi­dip, ony al­daw ýo­ly bi­len meý­da­na alyp çyk­ýar­lar-da gu­ýa taş­la­ýar­lar. Onuň ha­las bol­ma­gy­na şol ýer­den ötüp bar­ýan ker­wen se­bäp bol­ýar. Em­ma aga­la­ry ony al­ma­ga de­rek, ony şol ker­we­ne gul edip sat­ýar­lar. Sa­tyn alan tä­jir ony Mü­sü­riň şa­sy­na peş­geş ber­ýär. Şa­nyň Zü­leý­ha at­ly gy­zy oňa aşyk bol­ýar. Ýusup onuň söý­güsini ka­bul et­mek­den ga­ça dur­ýar. Şol se­bäp­li ol zyn­da­na sal­nyp, köp hor­luk­la­ry ba­şyn­dan ge­çir­me­li bol­ýar. Ahyr­da ol Mü­sür­de şa tag­ty­na çy­kyp, Zü­leý­ha öý­len­ýär. Em­ma gaý­ry ýurt­da­ky şa­lyk öz ýur­dun­dan aý­ra­lyk has­ra­ty­nyň ýe­ri­ni do­lup bil­me­ýär, şeý­le­lik­de, ol şa­lyk tag­ty­ny terk edip, öz dog­duk wa­ta­ny Ken­ga­na do­la­nyp gel­ýär. Halk ara­syn­da wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň mek­de­bi­ne öw­rü­len Mü­sür­de şa bo­lan­dan, Ken­gan­da ge­da bol di­ýen na­kyl hem hut şu ro­wa­ýat bi­len bag­la­ny­şyk­ly dö­re­ýär.
  • Sign up or login using form at top of the page to download this file.
  • Sign up
Up